Turkmenportal logo
28.02.26
1470714707
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hytaý kompaniýasy işgärlerine 26 million dollar sowgat berdi

Hytaý kompaniýasy öz işgärleri üçin adaty bolmadyk meýlis gurady. Her ýylky iň uly agşamlykda kompaniýanyň ýolbaşçylary stollarda işgärlerine näçe isleseler, ýanlary bilen alyp gitmek üçin nagt pul goýdular. Baýragyň umumy möçberi 26 million dollara deň boldy. Onuň 8,7 million dollardan gowragyny işgärler baýramçylyk wagty paýlaşdy.

Kompaniýanyň ýolbaşçysy Suý Peýszýuan şeýle etmek bilen, işgärlerini, şol sanda ipoteka we awtoulag karzlaryny töleýänleri goldamak isländigini gürrüň berdi. Internetde ony iň jomart ýolbaşçylaryň biri hökmünde tarypladylar.

Çärä ýedi müňe golaý adam çagyryldy, myhmanlar üçin 800-e golaý nahar stollary taýýarlandy diýip, «South China Morning Post» neşirine salgylanýan «MIR 24» habar berdi.