Turkmenportal logo
Düýn 15:25
1340713407
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türki dünýäniň dokumental filmleriniň XI festiwaly üçin ýüztutmalar kabul edilip başlandy

Guramaçylyk komiteti Türki dünýäniň dokumental filmleriniň XI festiwalyna gatnaşmak üçin ýüztutmalary kabul edip başlady. Awtorlar öz işlerini 2026-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenli çäräniň resmi saýty arkaly ugradyp bilerler.

2026-njy ýylda forum «Medeniýetiň çuňňur kökleri — güýçli geljek» diýen şygar astynda geçiriler. Guramaçylar taryhy hakydany gorap saklamaga we türki medeni giňişligindäki ýurtlarda häzirki zaman dokumental kino sungatyny ösdürmäge aýratyn üns berýärler.

Gatnaşýan ýurtlaryň hatarynda Türkiýe, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkmenistan, Özbegistan, Wengriýa, Bosniýa we Gersegowina, Demirgazyk Makedoniýa hem-de Demirgazyk Kipr bar. Festiwalyň geografiýasy Russiýa Federasiýasynyň sebitleri — Tatarystan, Çuwaşystan, Başgyrdystan, Dagystan, Hakasiýa, Tuwa, Saha Respublikasy (Ýakutiýa), şeýle hem Gagauziýa bilen giňelýär.

Festiwal Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň, TÜRKSOY, TİKA, YTB guramalarynyň hem-de Türki dünýäsiniň häkimlikler birleşiginiň goldawy bilen geçirilýär. Media goldawyny bolsa «TRT Avaz», «Türkmeneli TV», «ASIA TV», «EL ARNA» we «Bayrak Radyo Televizyon Kurumu» üpjün edýär.