Turkmenportal logo
Düýn 14:46
1396513965
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda rus diplomatlary Watan goragçylarynyň gününi bellediler

Aşgabatda Russiýa Federasiýasynyň döwlet baýramy — Watan goragçylarynyň güni mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi. Çäräni Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy gurady diýip, diplomatik wekilhananyň metbugat gullugy habar berdi.

Dabara Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt döwletleriniň harby attaşeleri, şeýle hem Goranmak ministriniň orunbasary, Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň başlygy Döwran Durdyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen goşunynyň harby gullukçylary gatnaşdylar.

Russiýanyň ilçihanasynyň geňeşçi-wekili Petr Şukin Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkiniň gutlag hatyny okady. Şeýle-de diplomat ýurduň çägindäki harby ýadygärliklere aýawly çemeleşýändigi üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Mundan ozal, 6-njy fewralda ilçihananyň wekilleri Mary welaýatynda saparda bolup, Daşköpri söweşinde wepat bolan Rus imperator goşunynyň esgerleriniň we türkmen meýletinçileriniň doganlyk mazaryna, şeýle hem sowet azat ediji esgeriniň ýadygärligine gül goýdular.

Ilçihananyň harby attaşesi Andreý Dragowskiý dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, rus-türkmen gatnaşyklarynyň häsiýetiniň «ygtybarly strategik hyzmatdaşlyk» bolup durýandygyny aýratyn belledi.

Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistanda Watan goragçylarynyň güni 27-nji ýanwarda bellenilýär. Russiýada bolsa bu baýram däp boýunça 23-nji fewralda bellenilip geçilýär.