Turkmenportal logo
Düýn 12:01
1276712767
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Lýowen katolik uniwersitetiniň arasynda akademiki hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow Lýowen katolik uniwersitetiniň (KU Leuven) akademiki diplomatiýa bölüminiň ýolbaşçysy Bart Hendriks bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Brýusseldäki diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Gepleşikleriň dowamynda Bart Hendriks uniwersitetiň halkara we ylmy-barlag ugurlary barada durup geçip, KU Leuveniň ylmy işjeňliginiň ýokary derejesini we onuň Ýewropanyň ylmy-barlag maksatnamalaryna, şol sanda «Horizon Europe» taslamasyna işjeň gatnaşýandygyny belledi. Şeýle-de ol uniwersitetiň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleri bilen aragatnaşygy ösdürmäge bolan gyzyklanmasynyň artýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň ilçisi, öz gezeginde, häzirki zaman halkara gün tertibinde Merkezi Aziýanyň tutýan ornuny beýan edip, Türkmenistanyň taryhy-medeni mirasy hem-de ýurduň parahatçylyk we howpsuzlyk ulgamyndaky halkara başlangyçlary barada maglumat berdi. Milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, hususan-da, suwy tygşytlamak, klimatologiýa, ekologiýa we döwrebap tehnologiýalar boýunça hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns çekildi.

Duşuşygyň esasy netijesi hökmünde Türkmenistanyň degişli edaralary bilen KU Leuven uniwersitetiniň arasynda durnukly hyzmatdaşlyk platformasyny döretmek, şol sanda institutara ylalaşyklary baglaşmak başlangyjy öňe sürüldi. Bart Hendriks uniwersitetiň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Şeýle-de taraplar geçen ýyl ilçiniň uniwersitetiň talyplarynyň öňünde Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk syýasatyna bagyşlap geçen umumy sapagynyň oňyn netije berendigini bellediler.