Turkmenportal logo
Düýn 08:57
2280522805
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Amerikan kompaniýalarynyň gatnaşmagyndaky taslamalaryň bahasy 45 milliard dollara ýetýär

Türkmenistanda amerikan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda amala aşyrylan ykdysady taslamalaryň möçberi 45 milliard ABŞ dollaryna golaýlaýar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Al-Arabiýa» teleýaýlymyna beren interwýusynda mälim etdi.

«Köp ýyllaryň dowamynda amerikan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda umumy bahasy 45 milliard ABŞ dollaryna golaý bolan ýüzlerçe ykdysady taslamalar amala aşyryldy we aşyrylýar» diýip, ol belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýtmagyna görä, ABŞ bilen hyzmatdaşlyk yzygiderli ösýär, özara bähbitli we deňhukukly esasda guralýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Amerikanyň iri kompaniýalary bolan «John Deere», «General Electric», «Case», «Boeing», «Coca-Cola», «Sikorsky», «Caterpillar» ýaly düzümleriň türkmen bazarynda eýýämden bäri üstünlikli işleýändiklerini, olaryň ýangyç-energetika toplumyny, ulag ulgamyny, elektroenergetikany, programma üpjünçiligini, oba hojalygyny we azyk senagatyny öz içine alýandygyny belledi.

Milli Lider 2008-nji ýylda Aşgabadyň başlangyçy bilen döredilen Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň ornuna aýratyn üns çekdi. Onuň bahasyna görä, bu geňeş ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetli we netijeli guralyna öwrüldi, onuň maslahatlaryna iki ýurduň hem döwlet düzümleri eýerýärler.

Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi uly ugurlaryny — ilkinji nobatda, türkmen ykdysadyýetini diwersifikasiýa etmek, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri ornaşdyrmak, şeýle hem iri milli we halkara düzümleýin taslamalary amala aşyrmak ýaly meseleleri görkezdi.

«Biz Türkmenistanda innowasion we ylma esaslanýan önümçilikleriň ösüşine amerikan maýa goýumlaryny we tehnologiýalaryny çekmek babatda uly mümkinçilikleri görýäris» diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.