Turkmenportal logo
21.02.26
1597115971
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Nissan» kompaniýasy 643 müň awtoulagy yzyna çagyrýar

«Nissan» kompaniýasy jemi 642 698 sany «Rogue» kysymly awtoulaglaryny geçiriji gutusyna we hereketlendirijä dahylly meseleler bilen baglylykda yzyna çagyrdy. Bu barada ABŞ-nyň Gara ýollarda hereket howpsuzlygy boýunça milli edarasyna (NHTSA)salgylanýan CBS teleýaýlymy habar berdi.

Şol sanda «Nissan» 323 917 sany «Rogue» awtoulaglaryny hereketlendirijiniň podşibnikleriniň hatardan çykyp, gyzgyn ýagyň syzmagyna hem-de ýangyna eltmek howpy bilen bagly yzyna çagyrdy. Galyberse-de, 318781 awtoulag drossel gulagynyň elektron blogundaky herekete getiriji dişli çarh sebäpli yzyna çagyryldy. Kompaniýanyň dilerleri yzyna çagyrylan awtoulaglary gözden geçirip, zerur halatynda abatlarlar. Geçen ýyl hem «Nissan» özüniň «Rogue», «Infiniti» we «Altima» kysymly 480 müň awtoulagyny yzyna çagyrypdy.