Turkmenportal logo
Düýn 22:27
82698269
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Halkara zenanlar güni mynasybetli aýal-gyzlara 60 manat möçberinde pul sowgady gowşurylar

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda wise-premýer H.Geldimyradow Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurduň gelin-gyzlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlaryny bermek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, parasatly we ynsanperwer döwlet syýasatyna laýyklykda, mähriban enelere we gelin-gyzlara hormat goýmakda asylly işleri dowam etmek hem-de döwlet Baştutanynyň degişli Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurduň gelin-gyzlaryna gowşuryljak pul serişdeleriniň möçberi kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli resminamanyň taslamalary hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda mähriban enelere hem-de zenanlara hormat goýulýandygyny, olar üçin ähli döwrebap şertleriň döredilýändigini belledi. Döwlet Baştutany Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlaryny bermek hakynda Buýruga gol çekendigini aýdyp, wise-premýere baýramçylyk mynasybetli pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmagy tabşyrdy.  Gol çekilen degişli resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan  Halkara zenanlar güni mynasybetli 60 manat möçberde pul sowgatlaryny 2026-nji ýylyň 2 — 6-njy marty aralygynda gowşurmak bellenildi.