Turkmenportal logo
Düýn 16:02
1164211642
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda janly orkestr bilen tomaşaçylary birleşdirýän konsert geçiriler

9-njy martda sagat 19:00-da «Watan» medeni‑konsert zalynda «Konsert – Karaoke!» atly ýörite sazly çäre geçiriler. Orkestre Eziz Jumanyýazow dirižýorlyk eder. Orkestriň ýolbaşçysy Röwşen Nepesow.

Konsertiň maksatnamasynda janly orkestriň sazandarlyk etmeginde meşhur aýdymlar ýerine ýetiriler, şunda oňa tomaşaçylaryň özleriniň hem gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Guramaçylaryň pikiri boýunça, bu çäre tomaşaçylar bilen sazandalaryň işjeň gatnaşygy bilen geçer.

Bu medeni çäräniň başlanjak wagty: 19:00.
Goşmaça maglumatlar üçin şu telefon belgisine ýüz tutup bilersiňiz: 861235234.