Žumgalbek Şabdanbekow Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk döwlet komitetiniň (GMHDK) başlyklygyna bellendi. Bu barada Respublikanyň Prezidentiniň «Telegram»-ýaýlymynda habar berildi.
Şabdanbekow 1970-nji ýylda doglan, Gyrgyzystanyň Žusup Balasagyn adyndaky milli uniwersitetini ykdysadyýet ugrundan tamamlady, zähmet ýoluna salgyt gullugyndan başlady. Milli howpsuzlyk edaralarynda 1994-nji ýylda işe başlady, şol sanda Döwlet goragy gullugynda, terrorçylyga we korrupsiýa garşy iş bilen meşgullandy. 2020-nji ýylda GMHDK-niň başlygynyň orunbasary boldy.
Öň bu wezipäni ýurduň Prezidenti Sadyr Žaparowyň ýakyn dosty Kamçybek Taşiýew eýeledi. Emma 10-njy fewralda Prezident S.Žaparow ony wezipeden boşatdy.