Baku şäherinde Azerbaýjanyň Halkara gatnaşyklary boýunça seljeriş merkezi tarapyndan C6 formatyna girýän ýurtlaryň seljeriş merkezleriniň gatnaşmagynda «C6: Bir sebit, umumy geljek — strategik dialogy pugtalandyrmak» atly halkara maslahat geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, maslahata Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň başlygy Ş.Şiriýew, Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçisi G.Elýasow, Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň deputatlary, daşary ýurt diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem C6 formatyna girýän ýurtlaryň öňdebaryjy bilermenleri hem-de seljeriş merkezleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda häzirki döwrüň çylşyrymly geosyýasy ýagdaýynda sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, strategik dialogy giňeltmek we durnukly ösüşi üpjün etmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatda çykyş edenler C6 formatynyň döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda, özara ynanyşmagy berkitmekde hem-de sebit derejesinde netijeli hyzmatdaşlyk mehanizmlerini ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigini bellediler.
Ulag-logistika baglanyşygy, ykdysady hyzmatdaşlyk, energetika howpsuzlygy, durnukly ösüş hem-de sebit howpsuzlygy ýaly ugurlar bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berildi. Çykyşlarda C6 formatynyň diňe bir pikir alyşmak üçin meýdança bolman, eýsem sebitara hyzmatdaşlygy iş ýüzünde ösdürmek üçin netijeli gurala öwrülýändigi bellenildi.