Turkmenportal logo
Düýn 14:19
1121211212
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen hokkeýçileri Saraýewoda geçirilen ýetginjekler dünýä çempionatyndaky çykyşlaryny tamamladylar

18 ýaşdan kiçi oýunçylardan düzülen Türkmenistanyň hokkeý ýygyndysy Saraýewoda geçirilen ýetginjekleriň arasyndaky 27-nji dünýä çempionatynyň «B» toparçasynyň üçünji diwizionyndaky çykyşlaryny tamamlady.

Üçünji orun ugrunda geçirilen oýunda türkmen hokkeýçileri Bosniýa we Gersegowinanyň toparyndan 1:4 hasaby bilen ýeňildi. Myhmanlaryň düzüminde ýeke-täk goly Serdarmyrat Ýollyýew geçirdi.

Ýaryşyň netijesine görä, Türkmenistanyň ýygyndysy 4-nji orny eýeledi we indiki möwsümde hem üçünji diwizionyň «B» toparçasynda çykyş etmegini dowam etdirer.

Final duşuşygynda Tailandyň ýygyndysy goşmaça wagtda Islandiýany 4:3 hasaby bilen ýeňip, üçünji diwizionyň «A» toparçasyna çykmaga hukuk gazandy.