«Rostow» futbol klubynyň türkmen hüjüm ediji ýarym goragçysy Denis Titow kärende esasynda Nižnekamsk şäheriniň «Neftehimik» futbol klubyna geçdi — diýip, klubyň metbugat gullugy habar berdi.
«Gyş möwsüminde biz klubymyza täze futbolçyny – 19 ýaşly hüjüm ediji ýarym goragçy Denis Titow kabul etdik. Asly aşgabatly türgen geçen möwsümde «Rostowyň» ýaşlar toparynda 23 oýna gatnaşyp, 8 gol geçirdi» — diýlip, habarda aýdylýar.
Titow «Neftehimik» toparynda kärende esasynda 2026-njy ýylyň dekabr aýyna çenli çykyş eder. Şol bir wagtda «Rostow» futbolçyny möhletinden öň yzyna gaýtarmak hukugyny saklaýar — bu mümkinçilik şu ýylyň tomsunda ulanylyp bilner. Nižnekamsk şäheriniň klubynda futbolçy 88-nji belgide oýnar.
Geçen möwsümde Ýaşlar futbol ligasynda Titow «Rostowyň» hüjüm etmek babatdaky görkezijileri boýunça liderleriň hataryna giripdi: onuň hasabynda 8 gol, 7 gol getiren pasy, 30 golly pursat döretmek we 82 gezek garşydaşyny aldap geçmek ýaly görkezijileri bar.
«Neftehimik» Russiýanyň futbolynda Premýer ligadan soňra ikinji derejeli diwizion bolan Birinji ligada çykyş edýär. 21 tapgyrdan soň klub 28 utuk bilen 9-njy orunda ýerleşýär. Topara 45 ýaşly Kirill Nowikow ýolbaşçylyk edýär.
Denis Titow Aşgabadyň Olimpiýa ätiýaçlyk sport mekdebini geçen ýaş hem ukyply futbolçydyr. Ýarym goragçynyň hasabynda Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynda eden çykyşlary bar.
Denisiň uly dogany Mihail Titow häzirki wagtda Gyrgyzystanyň «Uzgen» klubunda çykyş edýär we Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oýunlaryna hem gatnaşýar.