Kubanyň paýtagty Gawanada zibil üýşmekleri döräp başlady, käbir etraplarda olary eýýäm 10 günden gowrak wagt bäri aýyrmaýarlar diýip, «Reuters» agentligi habar berdi.
Ýagdaý Kuba Wenesueladan we Meksikadan nebitiň eltilmeginiň ýapylmagy bilen bagly döredi. Ýangyç ýetmeýändigi üçin Gawanada häzir zibil daşaýjylaryň 106-synyň 44-si işleýär.
Ýanwaryň ahyrynda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Kuba nebit eltýän ýurtlardan harytlara gümrük paçlaryny girizmäge mümkinçilik berýän permana gol çekdi.
Gawanadaky rus ilçihanasy Russiýanyň golaý wagtda ada nebit we nebit önümleri görnüşde haýyr-sahawat kömegini iberjekdigini habar berdi. Çili hem Kuba üçin million dollar bölüp bermekçi, bu maliýe kömegi energiýa kynçylygy döwründe kubaly çagalary ähli zerur zatlar bilen üpjün etmäge gönükdiriler diýip, «MIR 24» ýazýar.