Türkmenistandaky Toyota kompaniýasy Toyota we Lexus awtoulaglarynyň eýeleri üçin baýramçylyk kampaniýasynyň başlandygyny mälim etdi. 2026-njy ýylyň 19-njy fewralyndan 20-nji martyna çenli müşderiler «Garagum Ulag» hem-de «Beýik Ýüpek Ýoly» resmi dilerlik merkezlerinde mugt hyzmatlaryň toplumyny we arzanladyşlary alyp bilerler.
Ähli awtoulag eýelerine ulagyň 10 ýeri boýunça mugt barlagy, şeýle hem Toyotanyň asyl motor ýaglaryna ýörite bahalary hödürlýär:
• 5W-30, 5W-40 — 50 TMT
• 0W-20 — 70 TMT
Mundan başga-da, soňraky tehniki hyzmat üçin 450 manatlyk sowgat sertifikaty berilýär. Bu sertifikatdan 21-nji mart — 30-njy iýun aralygynda peýdalanyp bolýar.
«Garagum Ulag» we «Beýik Ýüpek Ýoly» resmi dilerlik merkezleri Toyotanyň halkara ülňülerine laýyklykda hyzmat edýär. Hyzmat ediş merkezleri häzirki zaman anyklaýyş enjamlary bilen enjamlaşdyrylan, işgärler bolsa brendiň häzirki tehnologiýalary boýunça yzygiderli sertifikatlaşmadan geçýärler.

Has giňişleýin maglumatlary almak üçin Aşgabadyň we Balkanabadyň resmi dilerlerine ýüz tutup bilersiňiz:
Beýik Ýüpek Ýoly:
Aşgabat şäheri, Hoja Ahmet Ýasawy köçesi, 39 — tel. 76 10 42
Aşgabat şäheri, «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezi, Tähran köçesi, «Toyota Garažym» — tel. +993 65 81 65 35
Garagum Ulag:
Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi, 7/A — tel. 43 70 57
Balkanabat şäheri, M37 ýolunyň ugrunda, 52-nji bina («Balkan Gaz Üpjünçilik» binasynyň ýanynda) — tel. +993 62 87 05 55