Turkmenportal logo
Düýn 11:41
1000510005
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Taýson we Meýwezer 25-nji aprelde Kongo Demokratik Respublikasynda ringe çykarlar

Dünýä boksynyň ägirtleri Maýk Taýson bilen Floýd Meýwezeriň görkezme duşuşygynyň geçiriljek ýeri we senesi belli boldy. The Ring neşiriniň maglumatyna görä, duşuşyk 25-nji aprelde Kongo Demokratik Respublikasynda geçiriler.

Bu duşuşyk geçen ýylyň sentýabrynda yglan edilipdi, ýöne anyk jikme-jiklikler aýdylmandy. Şol döwürde Meýwezer häzirki ýylyň baharynda geçirilmegi meýilleşdirilen Menni Pakýao bilen gaýtadan tutluşmak barada gepleşik alyp barýardy. Taraplar ylalaşyp bilmänden soň, ol Taýson bilen gepleşiklere dolandy. Geljek duşuşygyň agram derejesi entek kesgitlenmän galýar.

Taýson üçin bu 2024-nji ýylyň noýabryndan bäri ilkinji gezek ringe çykmak bolar. Şol wagt ol Jeýk Pol bilen bolan duşuşykda eminleriň biragyzdan çykaran karary bilen ýeňlipdi. Bu duşuşyk boksçynyň resmi ussatlyk statistikasyna hem girizilipdi.

Meýwezer bolsa resmi ýaryşlarda 2017-nji ýylyň awgustyndan bäri çykyş edenok. Şol wagt ol Konor MakGregory onunjy raundda tehniki nokaut bilen ýeňipdi. Soňraky ýyllarda amerikaly türgen diňe görkezme duşuşyklary bilen çäklenip geldi.