Turkmenportal logo
Düýn 17:21
92149214
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ankarada geçirilýän Türkmen kinosynyň günleriniň çäginde TÜRKSOÝ-nyň ýörite baýraklary gowşuryldy

17-nji fewralda Türkiýe Respublikasynda geçirilen Türkmen kinosynyň günleriniň çäginde Ankara şäherindäki Ýaşar Kemal adyndaky Medeniýet merkezinde «Kompozitor» atly çeper film görkezildi hem-de baýrak gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Kino eserleriniň saz bezegi ugrunda gazanylan ýokary üstünlikler üçin kompozitor Kerim Berdimuhamedow «Ganatly altyn bedew» atly ýörite baýrak bilen sylaglandy diýlip, Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär.

Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň filme goşan uly goşandy aýratyn bellenildi. Gazna «Uly ganatly laçyn» baýragy bilen sylaglandy.

Baýrak gowşurylyş dabarasyny TÜRKSOÝ guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýew alyp bardy hem-de baýraklary filmiň döredijilerine we hyzmatdaşlaryna gowşurdy. Türkmen tarapyndan baýraklary Türkmenistanyň medeniýet ministri A.Şamyradow kabul etdi.

Öz çykyşynda ministr türkmen kino işgärleriniň zähmetine berlen ýokary baha üçin çuňňur hoşallygyny beýan etdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan milli kinematografiýanyň ösdürilmegine berilýän goldaw aýratyn bellenildi.