Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň diplomatik işgärlerini her ýyl giňden bellenilip geçilýän Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Bu barada «Türkmenista» gazetinde habar berildi.
Gutlag hatynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji ädimlerinden başlap, halkara gatnaşyklarda we daşary syýasatda Bitaraplyk, deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly binýatlyk ýörelgeleri saýlap aldy. Geçen ýyllaryň dowamynda döwletiň daşary syýasaty Türkmenistanyň milli bähbitlerine we Birleşen Milletler Guramasynyň esas goýujy maksatlaryna doly laýyk gelýändigini iş ýüzünde subut etdi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy we onuň Türkmenistanyň Hökümeti bilen netijeli işlemegi hem Bitaraplygyň parahatçylyk dörediji güýjüniň aýratyn ähmiýetini giňden açyp görkezýär.
«Türkmenistan bu gün ösüşiň belent sepgitlerini nazarlap, nurana geljege tarap ynamly öňe barýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty we diplomatiýasy milli maksatnamalarymyzy amala aşyrmak üçin halkara giňişlikde zerur şertleri döredýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan» ugur alyp, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleri daşary syýasatymyzda parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi arkaly halkara gatnaşyklary kämilleşdirmäge çagyrýan nusgalyk syýasatymyzyň geriminiň giňeldilmegine, Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýynyň has-da belende göterilmegine işjeň gatnaşýarlar. Ýurdumyzyň milli bähbitlerini hemmetaraplaýyn goramakda we halkara gatnaşyklar ulgamyndaky belent abraýyny artdyrmakda döwletimiziň diplomatik gullugynyň işgärleriniň öňünde goýlan möhüm wezipeleri ýokary derejede ýerine ýetirjekdiklerine berk ynanýaryn» diýip, döwlet Baştutany Gutlagynda belleýär.