Turkmenportal logo
Düýn 16:19
1284212842
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Al-Nasr» bilen oýundan öň «Arkadag» topary Er-Riýadda türgenleşik geçdi

«Arkadag» futbol kluby  AFC-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň jogap duşuşygyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde Er-Riýadda türgenleşik geçirdi. Türkmen toparynyň türgenleşigi duşenbe güni Şazada Abdulrahman ben Saud adyndaky stadionda geçirildi.

11-nji fewralda Aşgabatda geçirilen ilkinji duşuşykda «Al-Nasr» 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Çärýek finala çykmak üçin «Arkadag» iki gol aratapawudy bilen ýeňmeli ýa-da bir gol aratapawudy bilen ýeňip, duşuşygy goşmaça wagta geçirmek mümkinçiligini gazanmaly.

«Al-Nasr» oýna ýokary formada girýär. Şenbe güni topar Saud Arabystanynyň çempionatynyň 22-nji tapgyrynda «Al-Fatehi» 2:0 hasabynda ýeňip, yzly-yzyna ýedinji ýeňşini gazandy. Gollary Kriştianu Ronaldu (18-nji minut) we Aýman Ýahýa (78-nji minut) geçirdiler.

Milli çempionatyň sanawynda «Al-Nasr» 21 oýunda 52 utuk bilen ikinji orunda ýerleşýär. Er-Riýadly klub soňky gezek 12-nji ýanwarda «Al-Hilal» bilen myhmançylykda geçirilen duşuşykda ýeňilipdi. Häzirki wagtda toparyň ýeňiş tapgyry sekiz oýundan ybarat.

AFC-2 Çempionlar ligasynyň «Arkadag» bilen «Al-Nasryň» arasyndaky jogap duşuşygy 18-nji fewralda Er-Riýadda geçiriler. Oýun Aşgabat wagty bilen sagat 23:15-de başlanýar.