Turkmenportal logo
Düýn 14:56
1308013080
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenistan Sport» teleýaýlymy UEFA Çempionlar ligasynyň pley-off duşuşyklaryny görkezer

«Türkmenistan Sport» döwlet sport teleýaýlymy 2025/2026-njy ýylyň möwsüminiň UEFA Çempionlar ligasynyň pley-off tapgyrynyň göni ýaýlymlaryny görkezer.

Pley-off tapgyrynyň ilkinji duşuşyklary 17-nji we 18-nji fewralda, jogap oýunlary bolsa 24-nji we 25-nji fewralda geçiriler. Türkmen futbol janköýerleri bu teleýaýlymda aşakdaky duşuşyklara tomaşa edip bilerler:

17-nji fewralda 22:45 — «Galatasaraý» (Türkiýe) — «Ýuwentus» (Italiýa), 01:00 — «Benfika» (Portugaliýa) — «Real Madrid» (Ispaniýa);

18-nji fewralda 22:45 — «Garabag» (Azerbaýjan) — «Nýukasl Ýunaýted» (Angliýa), 01:00 — «Brýugge» (Belgiýa) — «Atletiko Madrid» (Ispaniýa);

19-njy fewralda 22:45 — «Fenerbahçe» (Türkiýe) — «Nottingem Forest» (Angliýa), 01:00 — «Seltik» (Şotlandiýa) — «Ştutgart» (Germaniýa)

Pley-off duşuşyklarynda ýeňiji bolan klublar ýaryşyň 1/8 finalyna çykýarlar. Çempionlar ligasynyň finaly 30-njy maýda Budapeştde geçiriler.

Göni ýaýlymlaryň sagatlary Aşgabat wagty bilen görkezilendir.