Turkmenportal logo
Düýn 11:55
1002010020
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenstandartlary» barlaghanalar üçin himiki serişdeleri satyn almak boýunça halkara tender bäsleşigini yglan etdi

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy barlaghanalaryň synag maksatlary üçin dolanyşygy çäklendirilen himiki serişdeleri satyn almak boýunça halkara tender bäsleşigini yglan etdi — diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» elektron gazeti habar berýär.

Tendere gatnaşjaklar ýazmaça arza tabşyrmaly we tender bäsleşigine gatnaşmak üçin zerur bolan resminamalaryň bukjasyny almaly. Teklipler iki aýratyn bukjada tabşyrylmaly: birinjisinde hödürlenýän önümiň doly tehniki häsiýetnamalary, ikinjisinde bolsa bahasy görkezilmelidir.

Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 30 günüň dowamynda kabul edilýär. Salgysy: Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi, jaý 201.

Goşmaça maglumatlary almak üçin şu telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz: (+99312) 39-25-64, (+99312) 39-25-06.