Ozal habar berşimiz ýaly, 13-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda dowamynda ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, TDH agentliginde habar berlişi ýaly, Mary welaýatynyň käbir etraplarynyň we şäheriniň häkimleri täzelendi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalaryna laýyklykda:
Kakageldi Atajanowiç Saryýew Mary welaýatynyň Mary şäheriniň häkimi wezipesinden boşadyldy;
Artyk Çaryýewiç Bäşimow Mary welaýatynyň Mary şäheriniň häkimi wezipesine bellenilip, ol Mary welaýatynyň Mary şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Muhammetdurdy Rahmatullaýewiç Mämiýew Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy;
Şagylyç Şagulyýewiç Berdiýew Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň häkimi wezipesine bellenilip, ol Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy;
Maksat Kakabaýewiç Amanmyradow Mary welaýatynyň Mary etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy;
Maksatmyrat Agamyradowiç Saparmyradow Mary welaýatynyň Mary etrabynyň häkimi wezipesine bellenilip, ol Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.