Turkmenportal logo
Şu gün 00:06
1354113541
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi döredildi

Ozal habar berşimiz ýaly, 13-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, onuň dowamynda awtomobil ýollary pudagyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti resminama gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň işini bes edip, onuň binýadynda Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi döredildi. Bu ministrlik işini bes eden Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň hukuk oruntutary diýlip kesgitlenildi hem-de Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi we Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi hakynda Düzgünnamanyň, Ministrligiň merkezi edarasynyň gurluşygynyň taslamalaryny hem-de işgär sanynyň we ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklarynyň möçberlerini, resminamadan gelip çykýan wezipeleri, üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, Hangeldi Şirdogdyýewiç Kerimow Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministri wezipesine bellenildi.