Turkmenportal logo
Düýn 23:59
1420414204
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

Begmyrat Gurbangeldiýewiç Ataýew Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy wezipesinden boşadyldy. Türkmenistanyň Prezidenti degişli resminama Hökümetiň şu gün geçirilen giňişleýin mejlisiniň dowamynda gol çekdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu wezipä Baýramdurdy Myradowiç Tejenow bellenildi.

Ýeri gelende ýatlatsak, B.Ataýew Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine 2024-nji ýylyň fewral aýynda bellenilipdi.