Turkmenportal logo
Şu gün 00:14
72927292
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
AFK-2 Çempionlar ligasynyň Aşgabatdaky duşuşygynda «Al-Nasryň» düzüminde Ronaldu oýna gatnaşmaz

Türkmenistanyň «Arkadag» futbol kluby çarşenbe güni AFK-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň ilkinji duşuşygynda Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» topary bilen duşuşar. Oýun Aşgabat şäheriniň Olimpiýa stadionynda ýerli wagt bilen sagat 18:45-de geçiriler. Stadion 45 müňden gowrak tomaşaça niýetlenendir.

«Al-Nasr» toparynyň futbolçylary sişenbe güni agşam Aşgabada geldiler. Klubyň oýunçylaryny paýtagtda dabaraly ýagdaýda garşy aldylar. Saud Arabystanynyň klubynyň baş tälimçisi, portugaliýaly hünärmen Žorže Žezuş metbugat maslahatynda çykyş edip, toparynyň Aşgabada gelip, «Arkadag» bilen duşuşýandygyna örän şatdygyny aýtdy.

«Al-Nasr» klubynyň tälimçisi türkmen klubynyň golaýda döredilendigine garamazdan, eýýäm ep-esli üstünlik gazanandygyny we tiz hem-de akylly futbol görkezýändigini belledi. Žezuş «Arkadagyň» oýnuny içgin öwrenendigini hem-de toparyny duşuşyga gowy taýýarlandygyny nygtady.

Žurnalistleriň bäş gezek «Altyn topuň» eýesi bolan portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldunyň Aşgabada gelip-gelmeýändigi baradaky sowalyna tälimçi onuň bu duşuşyga gelmändigini, munuň ilkinji gezek däldigini aýtdy. Şeýle-de ol, adatça, Saud Arabystanynyň çäginden daşarda geçirilýän myhmançylyk duşuşyklarynda Ronaldunyň meýdana çykmaýandygyny belledi. Žezuş toparyň çempionatdaky köp sanly oýunlary hem-de Aziýadaky ýaryşlary sebäpli Ronalduny we käbir beýleki oýunçylary esasy duşuşyklar üçin aýap saklamalydygyny düşündirdi.

Ronaldudan başga-da, Žoau Feliks, Sadio Mane, Kingsli Koman, Marselo Brozowiç, Inýigo Martines we Gabriel Anželo hem Aşgabada gelmediler. Žezuş öz toparynyň ýakyn günlerde nobatdaky aýgytly duşuşygynyň bardygyny, şonuň üçin öňdebaryjy oýunçylaryna artykmaç agram düşürmek islemeýändigini aýtdy.

«Al-Nasr» toparynyň derwezeçisi Bento Mateus klubyň futbolçylarynyň duşuşykda ýeňiş gazanmaga taýýardygyny aýtdy.

«Arkadagyň» baş tälimçisi Mergen Orazow «Al-Nasr» bilen boljak duşuşygy topar üçin öz güýjüni görkezmek babatda ajaýyp mümkinçilik hasaplaýandygyny aýtdy. Ol türkmen futbolçylarynyň bu möhüm oýna iň ýokary derejede taýýarlyk görendigini nygtady.

Türkmen toparynyň goragçysy Güýçmyrat Annagulyýew klubyň öz janköýerlerini mynasyp netije bilen begendirjekdigine ynam bildirdi. Futbolçy toparyň öz güýjüne berk ynanýandygyny we «Al-Nasr» klubyna garşy oýunda gowy netije görkezmäge umyt edýändigini aýtdy.