Turkmenportal logo
Düýn 15:55
1760117601
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
MAX messenjeri Türkmenistanyň ulanyjylary üçin hasaba alyşlygy açdy

MAX messenjeri elýeterlilik geografýasyny giňeldip, indi +993 telefon kody bilen Türkmenistandan bolan ulanyjylar üçin hem hasaba alynmagy goldaýar.

Ozal messenjeriň hyzmaty Russiýadan, Belarusdan, Gazagystandan, Azerbaýjandan, Ermenistandan, Gyrgyzystandan, Moldowadan, Täjigistandan, Özbegistandan we Gruziýadan bolan ulanyjylar üçin elýeterlidi. GDA-nyň ýurtlaryndan başga-da, MAX messenjerinde Indoneziýanyň, Malaýziýanyň, Taýlandyň, Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Laosyň ýaşaýjylary hasaba alnyp bilýärdi. Indi bu sanawa Türkmenistan hem goşuldy.

Hasaba alynmak üçin MAX messenjeriň ykjam ýa-da desktop goşundysyny ýükläp almak zerur bolup durýar — web görnüşi arkaly profil döretmek mümkin däldir. Hasaba alyş adaty ýagdaýda ýerine ýetirilýär: ulanyjy telefon belgisini girizýär, SMS habary arkaly iberilýän 6 belgili tassyklama koduny alýar, adyny görkezýär we islegine görä profil suratyny ýükläp bilýär.

Käbir sebitlerde funksiýalaryň çäklendirmeleri hereket edýär: ulanyjylar diňe özlerini aragatnaşyk baglanyşmalaryna goşan ýa-da ilkinji bolup ýazan adamlar bilen habarlaşyp bilýärler, ýöne tanalmaýan ulanyjylar bilen özbaşdak söhbet açyp ýa-da baglanyşyk arkaly toparlaýyn çatlara goşulyp bilmeýärler.