Turkmenportal logo
Düýn 17:05
1027210272
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar Türkmenistanyň BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem Aşgabat şäherinde ýakyn wagtda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş diplomatlary we beýleki döwlet gullukçylary üçin ikinji sebitleýin okuw maslahatyna taýýarlyk hem-de ony üstünlikli geçirmek bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.