«Arkadag» we «Al-Nassr» klublarynyň arasynda 11-nji fewralda Aşgabatda geçiriljek futbol duşuşygynyň öňüsyrasynda, türkmen estradasynyň ýyldyzlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti guralar. Bu barada Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasynyň saýtynda habar berilýär.
Konsert maksatnamasynyň sagat 17:00-da başlajakdygyny göz öňünde tutup, tomaşaçylara gözegçilik barlagyndan wagtynda geçmek üçin stadiona öňünden gelmek maslahat berilýär.
Guramaçylar bu sport baýramçylygynyň janköýerlerde ýatdan çykmajak täsirler galdyrjakdygyna ynam bildirýärler.