Turkmenportal logo
Düýn 14:10
1494314943
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
11-nji fewralda Aşgabat şäheriniň käbir köçelerinde ulaglaryň hereketi çäklendiriler

«Arkadag» we «Al-Nasr» futbol klublarynyň arasynda geçiriljek futbol duşuşygynyň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek maksady bilen, 11-nji fewralda sagat 15:00-dan başlap Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunda, 10 ýyl Abadançylyk şaýolunda, şeýle hem Atatürk we Oguzhan köçelerinde ulaglaryň hereketi wagtlaýynça çäklendiriler. Bu barada Aşgabat şäheriniň ýolagçy awtoulag kärhanasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Janköýerleriň stadiona bökdençsiz we amatly baryp-gelmegini gazanmak üçin, Ankara köçesiniň ugrunda ýerleşýän awtoduralgalardan iki sany wagtlaýyn ýörite awtobus gatnawy ýola goýlar.
Goşmaça awtobuslar her 2-3 minutdan gatnap, tomaşaçylaryň stadiona rahat ýagdaýda ýetmegini üpjün eder.

Şeýle-de tomaşaçylar üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, stadiona giriş işleri iki esasy ugur boýunça guralar. Hususan-da, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly tarapdan üç sany, 10 ýyl Abadançylyk şaýoly tarapdan bolsa bir sany ýörite girelge arkaly janköýerleriň goýberilişi amala aşyrylar — diýlip, Aşgabat şäheriniň ýolagçy awtoulag kärhanasynyň resmi saýtynda habar berilýär.