Turkmenportal logo
Düýn 10:47
1008410084
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Şwed awiakompaniýasynyň uçary syçan sebäpli asmanda yzyna döndi

Şwesiýanyň SAS awiakompaniýasynyň Arland şäherinden Malaga uçan ýolagçy uçary takmynan orta ýyla ýetende, yzyna öwrülmeli boldy. «Azertaj» internet portalynyň ýazmagyna görä, muňa uçaryň içindäki syçan sebäp bolupdyr.

Uçar şwed howa menzilinden şenbe güni irden asmana galypdyr, orta menzile ýetilende, ýolagçylaryň biri gemrijini görüpdir we yzyna dolanmak kararyna gelnipdir.

Ýolagçylaryň köpüsi Malaga şäherine AIK futbol toparynyň ýoldaşlyk duşuşygyna tomaşa etmäge barýan ekeni. «Tutuş howa gämisi AIK-niň janköýerlerinden doludy, üstesine bir kiçijik janköýer gemriji hem bardy» diýip, ýolagçylaryň biri žurnalistlere degişme bilen gürrüň beripdir.