Turkmenportal logo
Düýn 10:34
77707770
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Britaniýada gaty gygyrýandygy üçin horazy tussag etmekçi bolýarlar

Beýik Britaniýanyň Sýu Farting atly zenan ýaşaýjysy öz horasynyň janyny alada edýär. Goňşusy şäher geňeşine onuň öý guşunyň gaty sesiniň özüniň ruhy ýagdaýyna ýaramaz täsir edýändiginden arz etdi diýip, ýerli «The Daily Star» gazetine salgylanýan «MIR 24» habar berýär. Guşuň eýesi ýerli geňeşden eger Polkownik lakamly horazy gygyrmagyny goýmasa, mejbur ediş çärelerini görjekdigi barada hat alanda, ruhy sarsgyny başdan geçirdi.

Sýu horazyny goramak üçin köpçülikleýin garşylyk hatyny düzdi, oňa 600-den gowrak adam gol çekdi. Hatda oba hojalyk haýwanlarynyň çykarýan sesleriniň obada gündelik durmuşyň adaty we möhüm bölegidigi aýdylýar. Şonuň üçin horazyň eger islese, gygyrmaga hukugy bardyr. Emma ýerli häkimiýetler Polkownigiň gaty gygyrmasyndan goňşularyň biriniň ýadap, arz edendigini aýdýar. Goňşy erkek kişiniň sözlerine görä, horazyň gaty sesi oňa rahat ýaşamaga päsgel berýärmişin.