2025-nji ýylda Täjigistanda umumy meýdany 3276,3 gektar bolan tokaýlar dikeldildi. Bu barada Täjigistan Respublikasynyň Tokaý hojalygy agentliginiň direktory Abdujabbor Ýusufzoda metbugaty ýygnagynda habar berdi diýip, «Khovar.tj» neşiri ýazýar.
Şol sanda 1862,9 gektar tokaý dikeldildi, 316 gektar dub, pisse, grek hozy we beýleki görnüşli agaçlaryň tokaýlary döredildi.
Abdujabbor Ýusufzoda häzirki wagtda ýurtda tokaýlary dikeltmek we täzelerini döretmek işleriniň dowam etdirilýändigini sözüniň üstüne goşdy.
Ýeri gelende aýtsak, Respublikanyň Hökümeti «2040-njy ýyla çenli gök zolaklary döretmegiň Döwlet maksatnamasyny» kabul edipdi. Oňa laýyklykda, ýurduň tebigy şertlerine uýgunlaşdyrylan 2 milliarddan gowrak agaç nahallaryny oturtmak meýilleşdirilýär.