Turkmenportal logo
Düýn 09:12
1131411314
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda «Melodiýa» atly täze orkestr ilkinji konserti bilen çykyş etdi

Aşgabatda «Ta-Tal» teatrynda tomaşaçylardan dolan konsert zalynda täze döredijilik topary — «Melodiýa» («Mukam») orkestriniň ilkinji konserti geçirildi.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, orkestriň ýolbaşçysy halkara bäsleşikleriň laureaty Annaoraz Döwletow bolup, ol bu ilkinji çykyşyny Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep internatynyň wýolonsel synpy boýunça mugallymy Jemal Muhammedowanyň ýagty ýadygärligine bagyşlady.

Konserti Ýekaterina Darçiýa alyp bardy. Konsertiň birinji bölüminde diňleýjiler Jemal Muhammedowanyň durmuş ýoly bilen tanyşdyryldy we onuň dowamynda zehinli sazandanyň durmuşyndaky wakalar bilen sazlaşýan ajaýyp saz eserleri ýerine ýetirildi.

Konsertiň ikinji bölüminde Jemal Muhammedowanyň halaýan saz eserleri ýaňlandy. Olaryň hatarynda Aman Agajykowyň, Georgiý Swiridowyň, Waleriý Gawriliniň, Jon Uilýamsyň, Arno Babajanýanyň we beýleki kompozitorlaryň eserleri boldy.

Konsertiň dowamynda Jemal Muhammedowanyň gyzy we ogly, şeýle hem onuň kärdeş mugallymlary çykyş etdiler.

«Melodiýa» atly täze orkestriň ýolbaşçysy Annaoraz Döwletow toparyň ýakyn wagtda Halkara zenanlar gününe bagyşlanan baýramçylyk konsertini geçirmegi meýilleşdirýändigini belledi.