Turkmenportal logo
Düýn 08:14
89878987
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi: häzirki zaman diplomatiýasy däp-dessurlar bilen täze tehnologiýalaryň utgaşmagyny talap edýär

Rus diplomatiýasynyň çuňňur taryhy kökleri bar, häzirki zaman diplomatlary bolsa däp bolan hünär ussatlygyny täze tehnologiýalara eýe bolmak bilen utgaşdyrmalydyr. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin diplomatik işgärleriň güni mynasybetli «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşirine beren interwýusynda belledi.

Ilçi diplomatik işgärleriň gününiň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin tarapyndan 2002-nji ýylda gol çekilen permanyň esasynda döredilendigini ýatlatdy. 10-njy fewral senesi 1549-njy ýylda daşary işler bilen meşgullanan ilkinji merkezleşdirilen gurluş — Ilçilik buýrugynyň resminamalarda ilkinji gezek agzalmagy bilen baglanyşyklydyr.

«Russiýanyň diplomatiýasynyň çuňňur taryhy kökleri bar. Gadymy Rus döwleti IX asyrdan başlap Ýewropada halkara gatnaşyklaryň işjeň gatnaşyjysy bolup çykyş edipdir» — diýip, ilçi belledi.

Iwan Wolynkiniň sözlerine görä, diplomat üçin esasy häsiýetler hökmünde hünär ussatlygy, giň dünýägaraýyş, jogapkärçilik we özara kabul ederlikli çözgütleri tapmak başarnygy häli-häzirem möhüm bolup galýar. Şol bir wagtyň özünde täze talaplar hem ýüze çykdy.

«Maglumat basyşy barha güýçlenýär, kiberhowpsuzlykdan başlap howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly gün tertibine çenli täze çagyryşlar ýüze çykýar. Bu diplomatdan tiz uýgunlaşmak ukyp-başarnygyny we häzirki zaman tehnologiýalaryny çuňňur özleşdirmegi talap edýär» — diýip, ilçi nygtady.

Diplomat Russiýanyň daşary syýasat edarasynda bolup geçen gurluş üýtgeşmeleri barada hem gürrüň berdi. 2019-njy ýylda Halkara maglumat howpsuzlygy müdiriýeti döredildi, 2022-nji ýylda Köpugurly ynsanperwer hyzmatdaşlyk we medeni gatnaşyklar müdiriýeti açyldy, 2025-nji ýylda bolsa Afrika bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça müdiriýet işläp başlady.

Ilçiniň sözlerine görä, diplomatlar üçin niýetlenen bilim maksatnamalary emeli aň, kiberhowpsuzlyk we uly maglumatlary işlemek boýunça okuw sapaklary bilen hem baýlaşdyrylýar — diýip, ilçi sözüniň üstüne goşdy.