Turkmenportal logo
Şu gün 13:23
24912491
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hytaýda gumanoidleri toýa çagyrýarlar

Hytaýda döredilen ýokary tehnologiýaly gumanoid-robotlar garaşylanyndan tiz kämilleşdirilýär diýip, «China Daily» ýazýar.

Hytaýyň adam sypatly robotlary täsin hokgalary ýerine ýetirýärler: sahnada aşyrym atýarlar, aýlaw edýärler, bu bolsa tomaşaçylary haýran galdyrýar.

Mysal üçin, ýurduň Çendu şäherinde pop-aýdymçy Wan Lihonyň çykyşynda «Unitree G1» robotlarynyň altysy sazlaşykly hokga görkezenlerinden bäri olar has-da kämilleşdiler. 2025-nji ýylda Bahar festiwalynyň baş konsertinde ýaglyk bulaýlanlaryndan bäri gumanoidler indi öz ussatlyklaryny has-da artdyrdylar we bu ýylam baş konserte dolanyp gelýärler.

Olaryň kämilleşmegi üçin gymmatbaha apparat täzelenmeleri-de gerek däl diýip, bu robotlary kärendesine berýän işewürligiň eýesi Leý Ýunlin gürrüň berýär. Ýunliniň gumanoidleri çärelerde we aýdym-sazly çykyşlarda sahna çykýarlar. Adatça, adamlar üçin birnäçe gün gerek bolýan şeýle çykyşlary öwrenmek üçin robotlara programma üpjünçiligini täzelemek arkaly 30 minut ýeterlik.

Robotlaryň gün tertibi telekeçilik çykyşlary üçin sargytlardan doly, olar bir şowhun üçin 3-den 5 müň ýuana (430-720 dollar) çenli hak alýarlar.