Turkmenportal logo
Şu gün 12:26
28542854
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Alymlar ilkinji gezek sähra çägesinden beton döretdiler

Norwegiýadan we Ýaponiýadan bolan alymlar topary çöl çägesinden gurluşyk serişdesini almagyň innowasion ulusyny işläp düzdüler. Ol derýalardan çäge gazyp almagyň daşky gurşaw üçin zyýanly täsirini azaltmaga mümkinçilik berer diýip, «New Atlas» neşirine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Öň planetanyň 30,5 million inedördül kilometriniň çöller bilen gurşalandygy anyklandy. Olar çägeden doly, emma häzirki wagtda bu gor hiç hili peýdalanylmaýar. Beton we gurluşyk garyndylary üçin çäge bolsa, derýalaryň gözbaşlarynda we kenarlarynda, känlerde daşlar owradylyp we deňiz düýbünden gazylyp alynýar. Şeýle usullar topragyň zeýlemegine hem-de daşky gurşawyň hatardan çykmagyna getirýär.

Alymlar çöl çägesiniň juda owunjakdygyny anykladylar, ondan edilen beton gurluşyk üçin ýeterlik gaty bolmaýar. Täze barlaglaryň barşynda Norwegiýanyň Ylym we tehnologiýalar uniwersitetiniň we Tokio uniwersitetiniň alymlary botaniki çägebeton diýen at bilen material aldylar.

Çägeden alnan gurluşyk garyndysy üçin esas lignin – agaç organiki polimerlerdir. Ýylylygyň täsiri we basyş esasynda lignin ýumşaýar we çäge bölejiklerini baglanyşdyrýan arassa ýelime öwrülýär. Alnan serişde ýol ýaka germewleri hökmünde ulanmak üçin ýeterlik berk boldy.

Alymlar çägebetonyň çöllere golaý gurak etraplarynda ulanyp boljakdygyny aýdýarlar.