Turkmenportal logo
Şu gün 11:27
27142714
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Bütindünýä ykjam telefonsyz gün bellendi

Düýn – 6-njy fewralda Bütin ykjam telefonsyz gün bellendi. Bu tehnologiýalardan ýüz öwürmek däl-de, olaryň serhetleri we durmuşymyza edýän täsiri barada oýlanmak üçin mümkinçikdir. Bu başlangyç sanly garaşsyzlyga garşy köpçülikleýin tutum hökmünde 2000-nji ýyllaryň başynda peýda boldy. Onuň maksady: iň bolmanda, bir günlük smartfon peýdalanmazdan, ünse gözegçiligi gaýdyp almakdyr.

Bazar we sarp ediş maglumatlaryna ýöriteleşen «Statista» nemes kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, häzirki günde dünýäde 6,8 milliarddan gowrak smartfon ulanýan bar. Ortaça adam günde telefonyny 150-200 gezek barlaýar, ýetginjekler bolsa, ekranyň öňünde 7 – 8 sagadyny geçirýärler.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy artykmaç smartfon peýdalanmagy howsalanyň we ukusyzlygyň artyşy bilen baglaýarlar.