Turkmenportal logo
Şu gün 10:31
14471447
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
8-nji fewraldan Türkmenistanda ahyrky garagyş döwri başlanýar 

8-nji fewralda başlanyp, 22-nji fewrala çenli dowam edýän ahyrky garagyş döwründe howa her gün birhili bolup, örän çalt üýtgäp durýar. Bu döwürde bir görseň-ä, gyşyň bir güni galan ýaly, gar uçganaklap, howa sowaýar, ýene bir görseň hem ýalbyrap Gün çykyp, maňlaýyňy çygjardyp dur diýlip, «Türkmenistan» gazetinde çap edilen habarda bellenilýär.

«Ahyrky garagyş daýhany-da, maldary-da tijenmäge çagyrýar, sebäbi daýhanyň-a öňünde ýazky ekiş dur, çarwanyň bolsa owlak-guzy möwsümi ýetip geldi. Ene mallary tekiz örüde ürküzmän bakmaly, otuny-suwuny kem etmeli däl. Olar örä çykarylandan soňra azrak otlap, dessine ýatmak bilen bolýarlar. Şeýle ýagdaýda olary seresaplyk bilen ýerinden turuzmaly. Sebäbi uzak gije kemsiz sowan çäge günortana çenli gowy gyzyp ýetişenok.

Entek togsan dolmanka, ýere ýyly hem gidenok. Gaharjaň, keçjal hasaplanýan kiçi çille hem öz ornuny ahyrky garagyşa berjek wagty sowugy, gar-ýagşyny ýetirdi. Munuň özi kiçi çilläniň ahyrky garagyşa «Sen indi yzyny dowam etdir!» diýýäne meňzeýär. Bary-ýogy 15 gün dowam edýän ahyrky garagyş «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda maýyllyk bilen geçer.

Dogry, ol öz ornuny 22-nji fewralda çarwa Nowruzyna berjek wagty 1-2 gün öňünden sowuk ýagşyny getirmegi mümkin, emma ol uzak dowam etmez. Dumly-duşdan öwüsýän ýaz ýeli we güneşli howa tebigatyň ýaza tabyndygyny görkezer. Muny eýýäm örüp başlan garynjalaryň, gyş ukusyndan oýanan beýleki jandarlaryň, guşlaryň bolşy-da tassyklaýar. 

Çölüň günsyrak ýerlerinde gök öwsüp, pyntyk ýaran çaly we çerkez ýaly ösümlikler indi ýazyň uzakda däldigini buşlaýar. Bu alamatlar ahyrky garagyşyň maýyllyk bilen geçjekdigine güwädir» diýlip, habarda bellenilýär.