Turkmenportal logo
Şu gün 09:44
26192619
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Alyşir Nowaýynyň ýadygärligine gül desselerini goýmak dabarasy boldy

Aşgabat şäherindäki «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda özbek şahyry we döwlet işgärleriniň biri Alyşir Nowaýynyň ýadygärligine gül desselerini goýmak dabarasy geçirildi.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, çäre beýik nusgawy şahyryň doglan gününiň 585 ýyllygy mynasybetli guraldy.

Gül goýmak dabarasyna diplomatik wekilhanalaryň işgärleri gatnaşdy.

Özbegistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimow beýik şahyryň hatyrasynyň özara ynanyşmagyň, parahatçylygyň we öz köklerine hormat goýmagyň ähmiýetini hemişe ýatladyp durýandygyny belledi. Şeýle-de Alyşir Nowaýynyň özbek edebi diliniň esasyny goýujy hökmünde türki dilleriň ösüşine bahasyna ýetip bolmajak goşant goşandygy nygtaldy.

Türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy Alyşir Nowaýyny öz ruhy halypasy hasaplap, eserlerinde onuň paýhasyna ýygy-ýygydan ýüzlenipdir.

Dabaranyň dowamynda milli lybasly çagalar Nowaýynyň meşhur eserlerinden bölekleri labyzly okadylar.

Çäre Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda dowam etdirildi. Ol ýerde mugallymlar we talyplar şahyryň döredijiliginiň filosofiki hem-de ynsanperwer taraplaryny ara alyp maslahatlaşdylar — diýip, neşirde bellenilýär.

Ýatladyp geçsek, Türkmenistanynyň çagalar kitaphanasynda hem Alyşir Nowaýynyň doglan gününiň 585 ýyllygyna bagyşlanan duşuşyk geçirildi.