Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Balkan welaýatynda «Hünärim bar – hormatym bar» atly milli bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi.
Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirilen bäsleşigiň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi hem-de ýurdumyzyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi çykyş etdi.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, bäsleşige şäher we etrap tapgyrlarynda ýeňiji bolan ökde tikinçi-hünärmen zenanlar gatnaşdylar.
Bäsleşige gatnaşyjylar üç ugur boýunça bäsleşip, diňe bir tehniki başarnyklaryny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem milli däp-dessurlary çuňňur bilýändiklerini hem görkezdiler.

Bäsleşigiň jemleri boýunça ýeňijiler hökmünde Balkanabat şäheriniň 3-nji orta mekdebiniň mugallymy Oguljeren Rejepowa, Esenguly etrabynyň 6-njy mekdebiniň mugallymy Gülzar Baýramowa hem-de Bereket etrabynyň 19-njy ýöriteleşdirilen mekdebiniň mugallymy Nurjemal Täçmämmedowa yglan edildi.

Ýeňijilere ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy hem-de bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmak hukugyna eýe boldular.
Ozal biz bu bäsleşigiň Lebap welaýatynda geçirilen welaýat tapgyry barada hem habar beripdik.