Turkmenportal logo
Düýn 15:26
76197619
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Abdylla Babaýew Fight Nights 134 ýaryşynda Inal Hasbulatow bilen söweş geçirer

Garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça türkmen türgeni Abdylla Babaýew 20-nji fewralda ýeňil agram derejesinde russiýaly Inal Hasbulatow bilen söweş geçirer. Tutluşyk Russiýanyň Soçi şäherinde geçiriljek Fight Nights 134 ýaryşynyň çäklerinde bolar.

Abdylla Babaýew söweş sambosy boýunça halkara derejeli sport ussady, Dünýä kubogynyň üç gezek ýeňijisi, pankration boýunça dünýä we Aziýa çempionydyr. Garyşyk söweş sungatynda türgen yzygiderli bäş ýeňiş gazanyp, olaryň ählisini möhletinden öň tamamlady.

Türkmen türgeniniň soňky tutluşygy 2025-nji ýylyň 28-nji noýabrynda geçirilen Sokol 2 ýaryşynda boldy, ol ýerde Abdylla Babaýew Faýza Gulonowy ýeňdi. Ondan öň ol 2025-nji ýylyň iýunynda Gabib Guseýnowdan, 2025-nji ýylyň fewralynda Anwar Magomaýewden, 2024-nji ýylyň awgustynda Mahdi Frahaniden we 2024-nji ýylyň fewralynda Abdulaziz Ýuldaşewden üstün çykdy.

Onuň garşydaşy Inal Hasbulatowyň hasabynda sekiz ýeňiş we iki ýeňliş bar.

Ýaryşyň göni ýaýlymy «Udar» teleýaýlymynda görkeziler. Tutluşyk Aşgabat wagty bilen sagat 20:00-da başlanýar.