«Turkish Airlines» kompaniýasynyň Katmandudan Stambula barýan uçary ýanýan hereketlendirijisi sebäpli gyssagly Hindistanda gondy. Bu barada «Hindustan Times» gazeti habar berdi.
Uçuş wagty sag tarapky hereketlendirijiniň ýanýandygy barada duýduryş alyndy. Howa gämisi Günbatar Bengaliýadaky Netaji Subhaş Çandra Bos adyndaky halkara howa menzilinde gonuş amala aşyrdy.
Habarda üstünde 236 ýolagçy we ekipažyň 11 agzasy bolan uçaryň bir sagatdan gowrak bir hereketlendirijili uçuşdan soň şowly gonandygy aýdylýar.