W.N.Tatişýew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetinde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygaryna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Bu çärä Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) konsuly, uniwersitetiň ýolbaşçylary we mugallymlary, şeýle hem Astrahanda bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Duşuşykda konsul öz çykyşynda üstünlikli hyzmatdaşlygyň iki sany möhüm şertini, ýagny halkyň däp-dessurlaryna gadyrly garaýşy we ýaşlaryň döredijilik ukybyny aýratyn belledi. Ol diňe bir ýokary hilli bilim almagyň däl, eýsem, öz kökleriňi ýatdan çykarmazdan Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmegiň möhümdigini nygtady.
Bu çäre täsirli medeni çykyşlar bilen tamamlandy. Myhmanlar üçin milli saz we tans kompozisiýalarynyň baýlyklary bilen tanyşdyrýan döredijilik çykyşlary hem ýerine ýetirildi. Talyplar Watan we «behişdi bedewler» baradaky eserleri labyzly okadylar, sergi bolsa amaly-haşam sungaty bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.
Şeýle hem şol gün konsul uniwersitetde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirdi diýlip, habarda bellenilýär.