Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüş ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle-de halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meselelerine, şol sanda köptaraplaýyn meýdançalarda iki ýurduň başlangyçlaryny we dalaşgärliklerini özara goldamak tejribesiniň ähmiýetine aýratyn üns berildi.