Turkmenportal logo
04.02.26
1111111111
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň welosipedçileri Saud Arabystanynda geçiriljek Aziýa çempionatynda çykyş ederler

Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümine ýedi türgen girýär: olaryň ikisi ulular (elita) derejesinde, bäşisi bolsa ýetginjekler derejesinde çykyş eder. Ähli gatnaşyjylar şahsy wagt bellenen ýaryşlarda hem-de toparçalaýyn ýaryşlarda medallar ugrunda bäsleşerler.

Ulularyň derejesinde Türkmenistanyň adyndan sport ussatlygyna dalaşgärler Berdimyrat Ýasyýew (Türkmen döwlet maliýe institutynyň 3-nji ýyl talyby) we Begenç Hudaýgulyýew (Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby) çykyş ederler.

Ýetginjekler derejesinde bolsa birinji derejeli türgenler çykyş ederler: Daniil Nurlyýew (Aşgabat şäherindäki 6-njy orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy), Aleksandr Sauşkin (Aşgabat şäherindäki 6-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy), Resul Bäşow (Aşgabat şäherindäki 61-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy), Seýitbek Nurlaýew (Daşoguz şäherindäki 27-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy) we Angelina Rýabowa (Aşgabat şäherindäki 36-njy orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy).

Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň welosport federasiýasynyň baş sekretary Witaliý Zaseptin ýolbaşçylyk edýär. Tälimçiler toparyna welosport boýunça Milli tehniki merkeziň tälimçi-mugallymy Igor Ýuldaşew hem-de Gökdepe etrabynyň Yzgant şäheriniň sport mekdebiniň welosport boýunça tälimçi-mugallymy, mehanik Kakabaý Ataýew girýär.

Çempionata Hytaý, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Gazagystan, Özbegistan we Eýran ýaly ýurtlary goşmak bilen, Aziýanyň 40-dan gowrak ýurdunyň wekilleri gatnaşar.

Ýaryşlar Aziýanyň welosport konfederasiýasynyň howandarlygynda geçirilýär. Esasy ýaryş bilen bir wagtda ýetginjekleriň arasynda Aziýanyň 32-nji çempionaty hem-de para-welosport boýunça Aziýanyň 14-nji çempionaty hem geçiriler.