Turkmenportal logo
04.02.26
2904529045
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Arkadag» Türkiýedäki ýygnanyşykdan soň Olimpiýa stadionynda ilkinji türgenleşigini geçirdi

«Arkadag» futbol kluby daşary ýurt ýygnanyşygyndan dolanyp gelenden soň Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda ilkinji türgenleşigini geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Halkara maglumat merkezi habar berdi.

Neşiriň maglumatlaryna görä, bu ilkinji türgenleşik futbolçylaryň ýygnanyşykdan soň beden taýdan dikeldilmegine, taktiki taýýarlyga hem-de täze futbolçylary toparyň düzümine uýgunlaşdyrmaga gönükdirilendir.

«Arkadag» topary 12-nji ýanwardan 2-nji fewrala çenli Türkiýäniň Antalýa şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdi. Wladimir Baýramowyň ýolbaşçylygynda  «Arkadag» kluby Moldawiýanyň «Milsami» topary bilen (1:3), Mahaçkalanyň «Dinamo» topary bilen (0:1), Kosowonyň «Dukadžini» (0:1) we «Feronikeli» (2:0) toparlary bilen dört ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.
Türkmenistanyň çempiony AFK-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 finalyna taýýarlyk görýär. Bu tapgyrda «Arkadag» Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» topary bilen duşuşar. Ilkinji oýun Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda geçiriler, jogap duşuşyk bolsa 18-nji fewralda Saud Arabystanynda bolar.

Belläp geçsek, bu duşuşyk 2017-nji ýylda V Aziýa ýapyk binalardaky we söweş sungaty boýunça oýunlar üçin gurlan Olimpiýa stadionynyň taryhyndaky ilkinji resmi futbol oýny bolar. Stadion 45 müň tomaşaça niýetlenendir.

Toparlaýyn tapgyrda «Al-Nasr» D toparçada alty oýnuň ählisinde ýeňiş gazanyp, geçirilen toplaryň gatnaşygy boýunça 22:2 netijäni görkezdi. «Arkadag» bolsa B toparçada bir ýeňiş, dört deňme-deňlik we bir ýeňliş bilen ikinji orny eýeledi (5 gol salyp, öz derwezesinden 6 gol goýberdi).

Saud toparynyň düzüminde «Altyn top» baýragynyň bäş gezek eýesi Kriştianu Ronaldu çykyş edýär, ol 5-nji fewralda 41 ýaşyny doldurýar. Şeýle hem toparyň düzüminde Žoau Feliks, Sadio Mane, Kingsli Koman, Inýigo Martines, Marselo Brozowiç, şeýle-de braziliýaly futbolçylar Bento Krepski we Gabriýel Anželo bar. Toparyň baş tälimçisi 71 ýaşly portugaliýaly hünärmen Žorže Žezuş.

Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä, «Al-Nasr» toparynyň futbolçylarynyň umumy bazar bahasy 133,4 million ýewro, «Arkadag» toparynyňky bolsa 3,15 million ýewro barabardyr.
Bu garşydaşlygyň ýeňijisi çärýek finalda «Al-Zawraa» (Yrak) – «Al-Wasl» (BAE) jübütiniň ýeňijisi bilen duşuşar.