Turkmenportal logo
Şu gün 11:30
13761376
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ispaniýada 16 ýaşdan kiçi çagalar üçin sosial torlary gadagan etmekçi bolýarlar

Ispaniýanyň Hökümeti 16 ýaşdan kiçi çagalar üçin sosial torlara elýeterliligi gadagan etmekligi hem-de sanly platformalary ýaşy barlamak ulgamlary işe girizmäge borçly etmegi meýilleşdirýär.

Bu barada Patyşalygyň Premýer-ministri Pedro Sançes Dubaýda geçen Bütindünýä hökümet sammitinde habar berdi diýip, «Reuters» agentligi ýazýar.

Premýer-ministriň sözlerine görä, ýurduň Hökümetini internetde gadagan edilen kontentiň, kämillik ýaşyna ýetmediklere ýaramaz täsir edýän ýigrenç dörediji galp habarlaryň we sözleriň giňden ýaýramagy biynjalyk edýär. Pedro Sançes geljek hepdede Ispaniýada bu ugurda ýörite kanun taslamasynyň tanyşdyryljakdygyny habar berdi. Ispaniýa öň beýleki Ýewropa ýurtlaryny sanly gurşawy kadalaşdyrmagy berkitmek boýunça başlangyja gatnaşmaga çagyrypdy.

Ýeri gelende aýtsak, geçen dekabrda Awstraliýa 16 ýaşdan kiçi çagalar üçin sosial torlary gadagan eden ilkinji ýurt boldy.