31-nji ýanwar — 2-nji fewral aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Ýokary derejeli wekilleriň maslahatynyň 52-nji mejlisine gatnaşdy. Bu mejlis 2026-njy ýylyň 11-12-nji aprelinde Bagdat şäherinde geçiriljek Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň öňüsyrasyndaky üçünji we iň möhüm taýýarlyk tapgyry bolup durýar.
Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, mejlisiň dowamynda türkmen tarapy «Bitaraplyk syýasatynyň YHG-niň giňişliginde we ählumumy derejede halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde we berkitmekde orny» atly kararnamanyň taslamasyny YHG-niň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 52-nji mejlisinde kabul edilmegi üçin hödürledi.
Şeýle hem mejlise gatnaşyjylar syýasy, hukuk, maglumat we ynsanperwer ugurlarda strategik çözgütleri taýýarladylar, şeýle-de olaryň kabul edilmegine taýýarlyk görmek maksady bilen, daşary işler ministrleri üçin iş maksatnamasyny jemlediler.