Turkmenportal logo
04.02.26
1356213562
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Aşgabatdaky mekdeplerden birinde origami sapaklaryny geçirdi

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ikinji sekretary jenap Sudo Nobuhiro we ilçihananyň bilim hem-de medeniýet meseleleri bölüminiň işgäri Nurgözel Amangeldiýewa Aşgabadyň 140-njy orta mekdebinde bolup, okuwçylar üçin origami boýunça sapaklary geçirdiler.

Origami, ýagny milli däp-dessur sungaty boýunça geçirilen ussatlyk sapaklary Ýaponiýanyň baý medeniýeti baradaky gürrüňler bilen utgaşdyryldy.

Okuwçylar kagyzdan dürli şekilleri ýasamak sungaty bolan origaminiň esasy endiklerini kämil derejede öwrendiler.

Aşgabadyň 140-njy orta mekdebi ýurt boýunça ýapon diliniň okadylýan 12 mekdebiň biridir. Ýaponiýanyň ilçihanasy geljekde hem ýapon dili öwredilýän mekdeplere baryp görmek tejribesini dowam etdirmegi meýilleşdirýär.