Turkmenportal logo
Şu gün 10:21
39683968
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň çagalar kitaphanasynda Alyşir Nowaýynyň 585 ýyllygyna bagyşlanan duşuşyk geçirildi

Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynda Gündogaryň beýik şahyry Alyşir Nowaýynyň doglan gününiň 585 ýyllygy mynasybetli ýaş okyjylar — Aşgabat şäherindäki 4-nji çeperçilik mekdebiniň okuwçylary bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda çagalara gündogar edebiýatynyň beýik ussady hökmünde meşhu bolan Alyşir Nowaýynyň ömri we döredijiligi barada giňişleýin gürrüň berildi. Şeýle-de ol öz zamanasynyň görnükli döwlet işgäri, kämil dilçi we ussat nakgaş hökmünde tanalýar.

Nowaýynyň Merwde bolan döwürleri türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekillerine oňyn täsirini ýetiripdir. Onuň goşgularyna türkmen halk sazandalary tarapyndan sazlar düzülip, aýdym edilip aýdylýar. Türkmen dutarynda bolsa «Nowaýy perdesi» diýlip atlandyrylýan ýörite saz perdeleri bar. Şeýle hem halk arasynda «Nowaýy» diýlip atlandyrylýan sazlar giňden meşhurdyr.

Mundan başga-da, duşuşykda Alyşir Nowaýynyň «Hamsa» (Bäşlik) diwanyna girýän «Perhat we Şirin» dessany barada pikir alşyldy.

Bu çäre türkmen telewideniýesiniň «Aşgabat» teleýaýlymyndaky «Bagtyýar çagalyk» gepleşiginde ýaýlyma berildi.