«Eni Türkmenistan Limited» kompaniýasy № 10123191 belgili tendere gatnaşmak üçin deslapdan arzalaryň kabul edilýändigini mälim etdi. Bu tender-bäsleşigi enjamlary düýpli abatlamak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek hem-de ätiýaçlyk şaýlaryny üpjün etmek bilen baglanyşyklydyr.
Tehniki aýratynlyklar we gatnaşyjylara bildirilýän jikme-jik talaplar tenderiň geçirilýän döwründe hödürlener.
Kompaniýa geljekde geçiriljek tendere gatnaşmak isleýän ähli gyzyklanýan guramalary şertnamalar we üpjünçilik bölüminiň elektron salgylaryna resmi arza ibermek arkaly gatnaşmak niýetini tassyklamaga çagyrýar: mekan.allaberdyev@eni.comwe aleksey.butenko@eni.com.
Arzalary kabul etmek 2026-njy ýylyň 30-njy ýanwary ýerli wagt boýunça sagat 23:59-da tamamlanýar.